Türkmenistanyň Mejlisinde 2-nji awgustda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýanwar–iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi. Onda milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, döwlet Baştutanynyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek hem-de parlamentiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barlan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada kanun çykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Hasabat döwründe raýatlaryň hukuklaryny goramak, senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, ygtyýarlandyryş ulgamyny, awtomobil ýollaryny, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak hem-de migrasiýa syýasatyny ösdürmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şeýle hem Türkmenistanyň 7 sany kanuny, şol sanda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Kanun, şeýle-de Mejlisiň 12 karary kabul edildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmeginden gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de 2026-njy ýylyň dowamynda, aýratyn-da oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek döwlet we halkara çärelerine taýýarlyk görmekde deputatlaryň işjeň gatnaşmagynyň möhümdigi nygtaldy.

Şeýle hem daşary ýurt parlamentleri, halkara guramalar we Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalar bilen hyzmatdaşlygyň, okuw maslahatlarynyň hem-de iş saparlarynyň kanunçykaryjylyk işini kämilleşdirmäge goşant goşýandygy bellenildi. Maslahatyň dowamynda kabul edilen kanunlaryň many-mazmunyny halka düşündirmek, ýurdumyzyň ösüşleri we halkara başlangyçlaryny wagyz etmek deputatlaryň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Maslahata gatnaşyjylar milli parlament işini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda tagallalaryny dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.