Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky ilçihanasynda ilçi Maksat Çaryýew Fransiýanyň Atçylyk federasiýasynyň milli tehniki bilermeni Aleksandr Gro bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda atçylyk pudagynda hünärmenleri taýýarlamak, halkara tejribesini alyşmak hem-de türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda Fransiýada ahalteke bedewleriniň taryhyna aýratyn üns berildi. Hususan-da, Aleksandr Gronyň 1994-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Fransua Mitterana sowgat berlen Genjim atly ahalteke bedewini taýýarlamak boýunça özboluşly tejribesi bellenildi.

Taraplar 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabrynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek Bütindünýä atçylyk çempionatyna hem-de Halkara ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigine görülýän taýýarlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem, Aleksandr Gro çempionatyň çäklerinde geçiriljek halkara ylmy maslahatda Fransiýada ahalteke bedewleriniň taryhyna bagyşlanan çykyş bilen gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Fransiýanyň degişli ugurdaş edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri, türkmen tälimçilerini taýýarlamak, şeýle hem bu ugurda öňdebaryjy halkara tejribäni ulanmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Aleksandr Gro Türkmenistan tarapyndan ahalteke bedewlerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleri ýokary bahalandyryp, ýurdumyzyň milli atçylyk mirasyny halkara derejede mundan beýläk-de ilerletmäge goldaw bermäge taýýardygyny beýan etdi.