Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow 3-nji awgustda Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ugo Çarlatanini kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň başynda Atajan Möwlamow italiýaly kärdeşini täze wezipä bellenmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, diplomatik işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Gepleşikleriň dowamynda ilçiler türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyp, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Mundan başga-da, taraplar Yslamabatdaky diplomatik korpusyň işi, şol sanda diplomatik wekilhanalaryň özara gatnaşyklary hem-de Pakistanyň döwlet edaralary we işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda ilçiler yzygiderli dialogy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan edip, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.