Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 18-nji awgustda möhüm diplomatik duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki täze bellenen Baş konsuly Seýed Mostafa Hosseýnipur bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatiýa düzgünlerine laýyklykda resmi resminamalar alşyldy. Täze bellenen Baş konsul öz konsullyk patentini gowşurdy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bolsa oňa degişli konsullyk ekzekwaturasy gowşuryldy.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň meselelerini we iki döwletiň arasyndaky dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Resmi duşuşygyň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Baş konsuly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we konsullyk ugrunda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ähli zerur tagallalary etjekdigini tassyklady.