Şenbe güni, ýagny 20-nji maýda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda gymmaty 3 million dollardan gowrak bolan 2 geleşik baglaşyldy. Türkiýeli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalaryndan 1,3 million kilogram dürli pagta ýüplüklerini 3 015 352 dollara satyn aldylar.

Satuwa çykarylan harytlar baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Döwlet haryt we çig mal biržasynyň web sahypasynda tapyp bilersiňiz.

Oba hojalygy, senagat we aragatnaşyk bölümleri, şeýle hem söwda toplumy boýunça söwdalar duşenbe-anna günlerinde sagat 16:00-da, şenbe güni bolsa sagat 11:30-da başlaýar. Nebit-gaz pudagynda birža söwdasy duşenbe-anna günleri sagat 16:30-da, şenbe güni bolsa 12:00-da geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, tmex.gov.tm web sahypasynda önüm öndürijilerden gönüden-göni önüm satmak teklipleri bilen tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem bu ýerde alyş-çalyş harytlarynyň satuwy barada bildiriş çap etmek mümkin.