Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde 16-njy sentýabrda Seul şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ýokary derejeli duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze tapgyryň başlangyjy hökmünde çykyş etdi. Sammitde döwlet Baştutanlary ulag-logistika, energetika, senagat kooperasiýasy, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa, sanlylaşdyrma we beýleki möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sammitiň açylyşynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon gatnaşyjylary mübärekläp, bu duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Koreýa Respublikasyna hoşniýetli kabul edişlik we sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin minnetdarlyk bildirip, bu formatyň döwletleriň arasynda uzak möhletleýin we strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Döwlet Baştutany Türkmenistan üçin parahatçylygyň, durnuklylygyň we ynanyşmagyň halkara ösüşiniň esasy şertleri bolup durýandygyny belläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Çykyşynda hormatly Prezidentimiz «akylly» şäherleriň diplomatiýasy, şäher infrastrukturasyny ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilim, ylym, ýaşlar we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Şeýle hem ýaş alymlaryň bilelikdäki barlaglaryny goldamak, sanly bilim mümkinçiliklerini artdyrmak we medeni alyş-çalyşlary ösdürmek boýunça teklipler beýan edildi.

Sammitiň dowamynda döwlet Baştutanlary sebitde ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, täze önümçilikleri döretmek, ulag geçelgelerini ösdürmek, emeli aň we «ýaşyl» tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary we «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagy iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň bähbidine uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan özara gyzyklanmany tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy.