18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny has-da ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu ugurda hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda raýatlaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, durmuş kepilliklerini üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.