Türkmenistanyň Mejlisinde 1-nji oktýabrda Litwa Respublikasynyň Seýminiň Litwa-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dainius Warnasyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk bolup geçdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy, aýratyn hem parlamentara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Mälim edilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda myhmanlar Türkmenistanyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty, milli Parlamentiň düzümi hem-de amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň kanunçylyk binýady bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň bütin dünýäde parahatçylygy we netijeli döwletara hyzmatdaşlygy berkitmekdäki ähiýeti barada bellenilip geçildi.

Litva tarapynyň wekilleri öz gezeginde Türkmenistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki hyzmatdaşlygyň sebitde syýasy dialogy we ulag-logistika geçelgelerini ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýandygy aýratyn nygtaldy.

Gepleşikleriň soňunda taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm bölegine öwrülendigini we durmuşa geçirilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak mümkinçiliklerini ep-esli artdyrýandygyny biragyzdan bellediler.