10-njy oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şanly senäniň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Işewür Gahryman Arkadagymyza ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman ak mermerli Aşgabatda ýokary derejeli saglyk merkezleriniň açylyş dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kompaniýanyň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparyny we dünýä belli kompaniýanyň ýolbaşçysy bilen geçiren duşuşygyny hemişe ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň, dynç alyş ulgamynyň we syýahatçylygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy. Munuň özi ýurdumyzda ählumumy durnukly ösüşiň strategik ugry hasaplanylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanda sportuň hem-de syýahatçylygyň, şol sanda golf sportunyň häzirki zaman düzüminiň döredilendigini belläp, Türkmenistanda golfçularyň täze nesliniň kemala gelýändigini aýtdy.
Saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda möhüm ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hem-de halkara gatnaşyklary ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtady.
Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu babatda hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.
Jon Riz Türkmenistanda golf sportunyň ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilmeginiň örän guwandyryjy ýagdaýdygyny belläp, «Nicklaus Companies» kompaniýasynyň ykdysady taýdan kuwwatly ýurduň dürli künjeklerinde golf meýdançalaryny gurmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynam bildirilmeginiň özleri üçin belent mertebedigini aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Companies» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň ýurdumyzda golf sportuny ösdürmäge we sportuň bu görnüşini wagyz etmäge ýardam berjekdigini belläp, Jon Rize alyp barýan işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi