Aşgabat şäherinde 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, katar tarapyna bolsa Katar Döwletiniň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraýhi wekilçilik etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri boýunça jikme-jik pikir alşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Diplomatlar ýokary we iň ýokary derejelerdäki özara saparlary guramagyň syýasy-diplomatik dialogy täze tapgyra çykarmakda uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Şeýle hem duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem-de Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara düzümleriň çäklerinde özara goldaw bermek meselelerine garaldy. Taraplar sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekde konstruktiw hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek duşuşygyň esasy temalarynyň biri boldy. Geňeşmelere gatnaşyjylar maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda forumlary we tegelek stollary guraşdyrmak barada ylalaşdylar. Şunda energetika, sanly tehnologiýalar we syýahatçylyk ugurlary geljegi uly ugurlar hökmünde görkezildi hamda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň eýeleýän orny bellenildi.

Mundan başga-da, gepleşikleriň gün tertibinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge uly orun berildi. Taraplar özara Medeniýet günlerini geçirmek, bilim we sport ulgamlarynda tejribe alyşmak hem-de bilelikdäki çäreleri guraşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşmeleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge iki tarapyň hem çuňňur gyzyklanma bildirýändigi ýene bir gezek tassyklanyldy.