26-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, hasyly ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Kadaly gögeriş alnan meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär.
Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlaryň güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap, ilata ýetirmek boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar.
Şeýle hem häkimler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly we agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak, hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.
Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilýän meýdanlary mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlarda azyklyk ekinleriň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnap almak işleri dowam edip, Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar we häzirki wagtda hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere häzirki wagtda pudakda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine ýetirmegi, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli geçirmegi, ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde, netijeli işledilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz içerki bazarlarymyzy üpjün etmek üçin welaýatlarda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhümdigine ünsi çekip, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi