Şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklaryny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň (CIET 2026) çäklerinde «Çalık Enerji» kompaniýasy çäräniň premýer-hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. Halkara forum Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk kompaniýanyň işiniň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. «Çalık Enerji» tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylan iri taslamalaryň hatarynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan «Mary-3» bug-gaz elektrik stansiýasy aýratyn orun eýeleýär. 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga berlen bu desga Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamynda ilkinji utgaşykly dolanyşykly elektrik stansiýasy bolup, pudagyň döwrebaplaşdyrylmagynda möhüm ädim boldy.

Kompaniýa bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyrlary Balkan welaýatynda energetika kuwwatlyklaryny artdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen baglanyşyklydyr. 2023-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň «Türkmenenergo» Döwlet energetika korporasiýasy bilen «Çalık Enerji» kompaniýasynyň arasynda Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 MWt bolan täze bug-gaz elektrik stansiýasyny gurmak, şeýle hem ony ýurdumyzyň energetika ulgamyna birikdirmek üçin zerur elektrik geçiriji ulgamlaryny döretmek boýunça şertnama baglaşmak barada karar kabul edildi.

«Çalık Enerji» kompaniýasynyň energetika desgalaryny gurmakdaky, häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky we elektrik geçiriji infrastrukturasyny ösdürmekdäki tejribesi CIET 2026 halkara maslahatynyň esasy ugurlary bilen sazlaşýar. Forum gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi, infrastruktura taslamalary, maýa goýum mümkinçilikleri hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm halkara meýdança öwrüler.

CIET 2026 gatnaşyjylara inženerçilik we dolandyryş ulgamyndaky tejribeleri alyşmaga, täze taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we işewür gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berer. «Çalık Enerji» kompaniýasynyň premýer-hyzmatdaş hökmünde gatnaşmagy foruma Türkmenistanda durmuşa geçirilen iri energetika taslamalary boýunça baý tejribesini getirer.

1998-nji ýylda esaslandyrylan Türkiýe Respublikasynyň «Çalık Enerji» kompaniýasy dünýäniň dürli ýurtlarynda üstünlikli iş alyp barýan iri halkara energetika holdingleriniň biridir. Kompaniýa uzak ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda hem işjeň hyzmatdaşlyk edip, inženerçilik, üpjünçilik we gurluşyk işleri, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, sanlylaşdyrma hem-de häzirki zaman energetika infrastrukturasyny ösdürmek ugurlarynda iri taslamalary durmuşa geçirýär.

Halkara çäräniň maksatnamasy we beýleki maglumatlar bilen CIET 2026-nyň resmi web sahypasynda tanyşmak bolýar: ciet-turkmenistan.com.