Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň mejlisler zalynda milli pul birligi — manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň özgertmeleri – durnukly ösüşiň binýady» atly hünär bäsleşigi geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň karz edaralary we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan bilelikde guralan bu bäsleşik bank ulgamynda zähmet çekýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny açyp görkezmäge, şeýle hem öňdebaryjy işgärleri ýüze çykarmaga gönükdirildi.

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler, bank işinde ulanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalary, maliýe ulgamynyň ösüş ugurlary boýunça gatnaşyjylaryň taýýarlyklary we tejribeleri synagdan geçirildi.

Hünär bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyra Arkadag şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň bank işgärleri gatnaşan bolsa, ikinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýerleşýän banklaryň merkezi edaralarynyň wekilleri özara bäsleşdiler.

Bäsleşige emin hökmünde bank ulgamynyň tejribeli hünärmenleri, şeýle hem ykdysadyýet, maliýe we bank işi boýunça ýokary derejeli bilimleri bolan professor-mugallymlar gatnaşyp, gatnaşyjylaryň çykyşlaryna we taýýarlyklaryna adalatly baha berdiler. Çekeleşikli we gyzykly geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler kesgitlenildi.

Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň bank işgärleriniň arasynda birinji orna Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Mary welaýat şahamçasy mynasyp boldy. Ikinji orny Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Daşoguz welaýat şahamçasy, üçünji orny bolsa Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ahal welaýat şahamçasy eýeledi.

Aşgabat şäheriniň merkezi banklarynyň işgärleriniň arasynda birinji orun Türkmenistanyň Merkezi bankyna, ikinji orun «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankyna, üçünji orun bolsa Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna berildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu çäre milli bank ulgamynyň hünärmenleriniň ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga we maliýe ulgamynda ýokary hünär derejesini ösdürmäge möhüm goşant goşdy.