31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler görkeziler. Munuň özi ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini we bu ugurda geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany goramaga bagyşlanan halkara sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi