31-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde bu sammite gatnaşyp, ýokary derejeli duşuşykda Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde bu guramanyň işlerine işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belläp geçdi hem-de türki döwletleriň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny we anyk tekliplerini beýan etdi.

Saparyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy hem geçirildi. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, medeniýet, ylym, bilim we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Saparyň dowamynda möhüm dabaralaryň geçirilmegi onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrdy. Hususan-da, hormatly Prezidentimize Türkiýäniň Hajettepe uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory akademiki derejesi berildi. Bu belent at döwlet Baştutanymyzyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerine berlen ýokary bahadyr. Mundan başga-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylmagy aýratyn ähmiýetli waka boldy.

Saparyň dowamynda Ankara şäherinde Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş dabarasy hem geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde türki halklaryň taryhy-medeni mirasyny we milli gymmatlyklaryny beýan edýän ak öýler, şol sanda türkmen halkynyň milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan türkmeniň ak öýi hem-de milli buýsanjymyz hasaplanýan ahalteke bedewiniň heýkeli ýerleşdirildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň üstünlikli geçmegi, onuň dowamynda gazanylan möhüm netijeler we döwlet Baştutanymyza gowşurylan ýokary sylaglar mynasybetli hormatly Prezidentimizi tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýandygyny, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda iri halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabaty dowam edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, döwletleriň arasynda ynanyşmagy ösdürmek, ýüze çykýan meseleleri syýasy-diplomatik we parahatçylykly ýollar arkaly çözmek boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hukugyň ähmiýetini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm netijesidir.

Bu Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin kabul edilen çäreleriň meýilnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda «2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça Türkmenistanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» taslamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany amala aşyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi