Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de sebitleri, şol sanda nebit ýataklaryny durnukly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu barada 31-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Balkan welaýatynyň sarp edijilerini hem-de sebitdäki nebit ýataklaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça alnyp barylýan amaly ädimler barada döwlet Baştutanyna giňişleýin hasabat berdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, bu ugurdaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça degişli teklipler döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň sarp edijilerini hem-de önümçilik desgalaryny bökdençsiz elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň strategik ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri doly makullady we wise-premýere degişli meýilnamalary ýokary guramaçylyk derejesinde amala aşyrmak boýunça birnäçe anyk tabşyryklary berdi.