Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň sergi merkezinde öz işine başlaýan «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly (CIET 2026) halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara gutlag Ýüzlenmesini iberdi. Döwlet Baştutanymyz bu giň gerimli çäräniň ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakda we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlag hatynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyz kuwwatly gurluşyk meýdançasyna öwrülip, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap binalar, ýaşaýyş jaýlary we önümçilik desgalary ulanmaga berilýär. Şu ýyl ulanmaga berlen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk we Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutlarynyň täze binalar toplumlary, paýtagtymyzdaky Halkara onkologiýa, Pediatriýa hem-de Stomatologiýa merkezleri, «Arçman» şypahanasynyň täze binalar toplumynyň, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda 4 müň 500 öýli täze döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň we «Döwlet adam üçindir!» ýörelgesiniň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem çärede senagat, himiýa, elektrik energetikasy we ýol gurluşygy pudaklarynda amala aşyrylýan iri taslamalara uly üns berildi. Sement we çüýşe önümçiliginiň artdyrylmagy, mineral dökünleri öndürýän kuwwatly kärhanalaryň işe girizilmegi hem-de täze halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi içerki bazary üpjün etmek bilen birlikde, eksport mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlagynyň soňunda halkara sergä we maslahata gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de pudaklary ösdürmek we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.