Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2-nji noýabrda Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Etýen Berhtolddan Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada kanunçykaryjy edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. Öz gezeginde ilçi mähirli garşylanandygy üçin hoşallyk bildirip, Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan Der Belleniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Gepleşikleriň barşynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa amala aşyran iş saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm ädim bolandygy bellenildi. Diplomata Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, Parlamentiň düzümi hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň maksadalaýyklygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda Etýen Berhtold Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belläp, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak ugrunda sedakatly zähmet çekjekdigine ynandyrdy.