5-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisde şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim ýerine ýetirildi.

Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 118,9 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 115,7 göterim, kerosin öndürmegiň meýilnamasy 105,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 112,1 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa 108,3 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem tebigy gazy daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 109,1 göterim berjaý edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, şeýle hem nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýer Guwanç Agajanowa degişli tabşyryklary berdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi