Aşgabatda 17-nji noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti Mykyta Poturaýewiň hem-de Assambleýanyň Baş sekretary Roberta Montellanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berdi.

ÝHHG-niň çäginde dialogyň, ynanyşmagyň we howpsuzlygyň bähbidine halkara hukugyny ilerletmekde parlamentleriň ornuna bagyşlanan üçünji Aşgabat Maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän özgertmeler we milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işler barada maglumat berildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bellenildi. Ýurdumyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň Türkmenistanyň halkara hukugyny ösdürmäge goşýan goşandynyň aýdyň beýanydygy nygtaldy.

Duşuşykda ÝHHG we onuň Parlament Assambleýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň Mejlisi ÝHHG PA-nyň agzasy hökmünde parlamentara dialogy ösdürmäge, tejribe alyşmaga we bilelikdäki çäreleri geçirmäge uly ähmiýet berýär.

Taraplar Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny belläp, parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde, halkara bilermenler bilen pikir alyşmakda bilelikdäki maslahatlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetine ünsi çekdiler.

ÝHHG PA-nyň ýolbaşçylary Aşgabatda geçirilýän üçünji Maslahatyň dialogy, ynanyşmagy we halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Aşgabat Maslahatynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.