«Döwrebap gümrük syýasaty – kuwwatly daşary söwdanyň
kepili» atly pudagara okuw-maslahatyna Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň
harby gullukçylary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikler
boýunça döwlet karantin gullugynyň we Döwlet weterinariýa gullugynyň
hünärmenleri, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň
işgärleri, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar
jemgyýetiniň, «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň agzalary we başga-da birnäçe
ulag-logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň hünärmenleri hem-de hususy
telekeçiler gatnaşdylar.
Okuw-maslahatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň
pudaklarynda ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmak arkaly daşary
ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan bäsdeşlige ukyply önümleriň
önümçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen, taýýar milli önümlerimiziň
daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň
üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy
tarapyndan amala aşyrylýan işler barada giňişleýin bellenip geçildi. Bu ugurda
gümrük kanunçylygynda bellenilen kadalar, hususy telekeçiler tarapyndan
öndürilýän önümleriň eksport edilmeginde ileri tutma we beýleki göz öňünde
tutulan ýeňillikli şertler barada mysaly düşündirişler getirildi.
Okuw-maslahatynda häzirki wagtda üstünlikli durmuşa
geçirilýän gümrük syýasatynyň ähmiýeti, halkara derejeli ylalaşyklardan gelip
çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzyň ulag-üstaşyr we eksport
mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak babatda gümrük edaralarynda amala aşyrylýan
işler barada giňişleýin çykyşlar edildi.
Okuw-maslahatynyň barşynda, Döwlet gümrük gullugynda
ulanylýan maglumat tehnologiýalary we sanly ulgamy ulanmagyň halkara söwdany
ösdürmekdäki ähmiýetini beýan edýän wideoýazgylara syn edildi.